Türkmenabadyň pagta egiriji fabriginde 930 tonna golaý nah ýüplügi öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň pagta egiriji fabriginde 930 tonna golaý nah ýüplügi öndürildi
Aşgabadyň dokma toplumynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

Türkmenabadyň pagta egiriji fabrigi 2024-nji ýylyň başyndan bäri nah ýüplükleriň 929,5 tonnadan gowragy öndürildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen döwürde olaryň ählisi Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dokma kärhanalaryna ugradyldy. Ýüplük egrijiler şu ýylda yhlasly zähmet çekip, geçginli önümleri köp öndürmegi maksat edinýärler.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenabadyň pagta egiriji fabriginde häzirki wagtda dokma toplumlary we daşary ýurt sargytçylary tarapyndan ýokary islegden peýdalanýan, taýýar görnüşinde fiziki agramy bir kilograma barabar bolan ýokary hilli, inçeligi bilen tapawutlanýan nah ýüplügiň 34/1 belgili görnüşi öndürilýär.

Egirme fabriginde alyjylaryň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyply daraýjy, egriji, işlenip çykarylan ýüplügi zerur derejede çyglandyryjy we gaplaýjy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümleriň birnäçesi hereket edýär we iş döwründe alnyp barylýan işleriň ählisine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.

Şeýle hem bu ýerde öndürilýän önümiň hil derejesini kesgitleýän kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana hereket edýär.

2022