Sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili Jozep Borrel bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga garadylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler. Energetika, ulag, sanly ulgam, bilim we daşky gurşaw ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mundan başga-da, Raşid Meredow we Jozep Borrel Bileleikdäki ÝB-Türkmenistan komiteti we parlamentara dialogy ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallarynyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Taraplar şu ýyl Türkmenistanda ÝB-MA görnüşinde degişli döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerine hem degip geçdiler.
Şu ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýada iş saparynda boldy.