Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada bolan ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada bolan ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi
Ýaragly hüjümden soň ýanyp duran “Krokus siti holl”, 2024-nji ýylyň 22-nji marty, Krasnogorsk şäheri, Russiýa (Surat: RBC)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki “Krokus siti holl” konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Şu agyr pursatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şenbe güni ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Krokus siti holl” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär.

TASS agentliginiň Russiýanyň Derňew komitetine salgylanyp şenbe güni irden beren habaryna görä, Krasnogorsk şäherindäki “Krokus siti holl” konsert zalynda bolup geçen ýaragly hüjüm hem-de partlama zerarly 60 adam wepat boldy we 100-den gowrak adam ýaralandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022