BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Kararnama kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Kararnama kabul etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasy, Nýu-Ýork, ABŞ. (Surat: BMG)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Wise-premýer BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurtda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy ýurt üçin örän uly abraý bolup durýandygyny aýtdy we bu başlangyjy biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

2022