Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýanyň Aşgabada gelen pursady, 2024-nji ýylyň 28-nji marty, Türkmenistan (Surat: Eýranyň DIM-i)

Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan Türkmenistanyň resmileri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we sebitara hyzmatdaşlyk meselesinde gepleşikleri geçirmek üçin penşenbe güni sapar bilen Aşgabada geldi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Aşgabat Halkara howa menzilinde Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow garşy aldy.

Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen Türkmenistanyň resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň dowamynda energiýa, ulag we üstaşyr ugurlary boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýokarlandyrylmagy maslahatlaşylar.

“Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek maksady bilen Aşgabat şäherine barýaryn” diýip, Eýranyň daşary işler ministri özüniň sosial ulgamynda belledi.

2022