Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran toparynyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy. Şeýle hem şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

2022