Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 356 sany raýatyň günäsi geçilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 356 sany raýatyň günäsi geçilýär
Gurbanguly hajy metjidi, Mary welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

2022