Türkmenistanda biometriki pasportlary resmileşdirmek üçin täze nokatlar açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda biometriki pasportlary resmileşdirmek üçin täze nokatlar açyldy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hünärmeni biometriki pasportlary resmileşdirmek üçin raýatyň ýüztutmasyny kabul edýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden Gullugyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Darganata etrap bölüminde, Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Tagtabazar etrap bölüminde raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmek hyzmatlaryny amala aşyryp başlady.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy özüniň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmekde bu ugurdaky işleriň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen biometriki pasportlary resmileşdirmegiň täze nokatlaryny açdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmekde resminamalar elektron görnüşinde doldurylyp, raýatyň maglumatnamasyna ýelmenilýän surat elektron görnüşinde çap edilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň düzüminde harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň, kazyýet we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň arzalary Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga alnan ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde wagtlaýyn ýaşaýan ýerleri boýunça hasaba alnan, şeýle hem zerur halatlarda olaryň işleýän ýerleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär.

Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurt döwletlerinde bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resminama bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022