“Diplomatic World” žurnalynyň biznes-katalogynyň ýörite sany Türkmenistana bagyşlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Diplomatic World” žurnalynyň biznes-katalogynyň ýörite sany Türkmenistana bagyşlanar
“Diplomatic World” žurnalynyň täze sanynyň tanyşdyrylyşyndan bir pursat

Belgiýanyň “Diplomatic World” halkara žurnaly saýlama biznes-katalogyny çykaryp başlaýandygyny we onuň ýörite sanynyň diňe Türkmenistanyň hususy pudagyna bagyşlanjakdygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, biznes-katalogyň esasy maksady Ýewropa bazaryna Türkmenistanyň barha ösýän we bäsdeşlige ukyply hususy pudagynyň we kompaniýalarynyň önümlerini hem-de hyzmatlaryny tanyşdyrmakdan we ýewropaly maýadarlaryň ünsüni çekmekden ybarat bolup durýar.

“Diplomatic World” halkara žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny öz içine alýan 20-25 sany kompaniýany biznes-katalogda görkezmek bilen, olaryň Ýewropadaky işlerini ösdürmek we giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga çalyşýar.

Biznes-katalogyň müňlerçe nusgasy çap edilip, olar Ýewropanyň işewür toparlarynyň esasy wekilleriniň arasynda paýlanar. Şeýle hem bu biznes-katalog Ýewropanyň işewürleri bilen aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin aýrylmaz gurala öwrülip, ol Türkmenistanyň ​​tutuş yklymdaky diplomatik wekilhanalarynda elýeterli bolar.

“Diplomatic World” halkara žurnaly Türkmenistanyň hususy pudagynyň kompaniýalaryny we wekillerini bu taslamanyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar has giňişleýin maglumat almak üçin diplowereld@mail.be elektron salgy bilen habarlaşyp bilerler.

“Diplomatic World” dünýä syýasatyny, işewürligi, maliýäni, ykdysadyýeti we medeniýeti birleşdirýän diplomatik neşirdir. Žurnal ilçileriň, döwlet Baştutanlarynyň, ÝB-niň wekilleriniň, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň arasynda giňden ýaýrandyr.

2022