Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde anna güni Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Premýer-ministri bilen şu günki duşuşygyň hem giň ugurlar boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda 4-nji aprelde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini çekmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşylan meselelere üns çekdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikdäki hökümetara toparyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde suw hojalygy ulgamynda hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylýandygyny belläp, beýleki degişli taraplaryň gatnaşmagynda gatnaşyklaryň bu ugruny işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde amala aşyran saparynyň ikinji güni Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşyklary geçirdi.