Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 1-nji noýabry, Moskwa, Russiýa.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýanyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

“Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko 7-nji aprelde 75 ýaşady we şol gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin oňa ýurduň Zähmet gahrymany diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

2022