Brýusselde Türkmenistanyň ulag pudagyndaky mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brýusselde Türkmenistanyň ulag pudagyndaky mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekiliniň, Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ylmy-okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen brifing, 2024-nji ýylyň 5-nji apreli, Brýussel, Belgiýa

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy şu ýylyň 5-nji aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekiliniň, şeýle hem Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ylmy-okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing geçirdi.

Brifingiň esasy mowzugy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň strategiýalary, Türkmenbaşy halkara portunyň innowasiýa mümkinçilikleri, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr mümkinçilikleri barada pikir alyşmalardan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow brifingiň barşynda ýurduň ulag pudagynyň ösüşindäki soňky ugurlary görkezdi we sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem brifinge gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döreden Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlendi we wideoşekiller görkezildi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada esasy ulag merkezi hökmünde mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022