RŽD-niň wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawynyň dikeldilmegini goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD-niň wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawynyň dikeldilmegini goldaýar
Leningrad wogzalynda otla münmezden ozal ýolagçylaryň resminamalary barlanylýar. (Surat: Ilýa Pitalew / RIA Nowosti)

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň çäklerinde Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň daşary ýurt taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Lýudmila Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy demir ýol gatnawyny gaýtadan dikeltmek pikirini goldaýandygyny aýtdy. Bu barada TASS habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Lýudmila Renne degişli çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň DÝHG-niň işine işjeň gatnaşýandygyny hem-de häzirki wagtda ylalaşyklara we şertnamalara gatnaşmak boýunça öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini belledi.

1956-njy ýylda esaslandyrylan DÝHG birnäçe ýurtlary öz içine alýar. Bu ýurtlar Ýewraziýanyň, şol sanda Russiýanyň ulag-logistika bazarynyň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýär. Gurama demir ýol daşamalary pudagynda milli strategiýalary utgaşdyrmakda, demir ýol ulagy bilen bagly hukuk we beýleki birnäçe meseleleri çözmekde iş alyp barýar. Türkmenistan bolsa DÝHG-a 1994-nji ýylda goşuldy.

Şu ýylyň 15-nji aprelinde badalga alan DÝHG-a agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022