Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 24-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti arkaly nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mihael Harmsyň şu gezekki saparynyň jemleriniň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny bar bolan mümkinçiliklerden, şol sanda ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl” energetika, inklýuziw we “akylly” şäherleri gurmak ulgamynda döreýän mümkinçiliklerden has giňden peýdalanmaga çagyrdy hem-de komitetiň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

2022