Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 26-njy apreli, Arkadag, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ahalteke atçylyk athanasynda anna güni Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň gatnaşýandygy üçin Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakoba minnetdarlyk bildirdi.

Katarina Ýakob ahalteke atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda halkara ähmiýetli forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ugurlaryny öz içine alýandygy, şunda atçylyk pudagyna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýandygy nazara alnyp, Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakobyň Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna mynasyp bolmagynyň onuň bu ugurda çekýän zähmetine berlen ýokary bahadygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň köpugurly stadionynda “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

2022