Belarus biržasy Türkmenistan bilen söwdanyň möçberlerini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Belarus biržasy Türkmenistan bilen söwdanyň möçberlerini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýär
Belarusyň Köpugurly söwda biržasy, Minsk, Belarus (Surat: "Belarus Segodnýa")

Belarusyň Köpugurly söwda biržasy (BKSB) Türkmenistan bilen söwdanyň möçberlerini artdyrmagy maksat edinýär diýip, biržanyň Daşary ykdysady işler müdirliginiň başlygy Aleksandr Başliý aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Aleksandr Başliý okuw seminarlary, webinarlary we maslahatlary guramak arkaly Belarussiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky birža amallarynyň artdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

“Eýýäm Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu edara birža gurallarynyň artykmaçlyklary barada işewürleri habarly etmekde ýardam bermäge taýýardyr” diýip, BKSB-nyň Daşary ykdysady işler müdirliginiň başlygy belledi.

Birža wekili häzirki wagtda Türkmenistanda birža brokeriniň (dellalynyň) resmi taýdan bellige alynmak meselesine garalýandygyny belledi. Ol belarus biržasynyň we ýerli kompanýalaryň arasynda araçy wezipesini ýerine ýetirip, olaryň söwda geleşiklerine gatnaşmaklaryna, geleşikler boýunça hasaplaşyklary geçirmeklerine we logistika hyzmatlary bilen üpjün edilmegine ýardam eder.

BKSB-niň Daşary ykdysady işler müdirliginiň başlygynyň aýtmagyna görä, esasy maksat Türkmenistandaky müşderileriň sanyny artdyrmagyň we ýükleriň durnukly iberilişini kepillendirmegiň hasabyna Belarus Respublikasynyň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Belarusyň Köpugurly söwda biržasy ähli geleşikleriň tölegleriniň tölenmegi we harydyň fiziki eltilmegi arkaly tamamlanýan Belarus Respublikasyndaky ýeketäk we Gündogar Ýewropadaky iri söwda biržasy bolup durýar.

Mart aýynyň ahyrynda Belarusyň Köpugurly söwda biržasynyň Daşary gatnaşyklar müdirliginiň wekiliýeti Aşgabada sapar bilen gelip, ilkinji nobatda agaç we süýt önümleriň, şekeriň iberilmegi bilen häsiýetlenýän biržanyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna şu ýylda Türkmenistan bilen söwdanyň möçberlerini artdyrmak meýilleri barada mälim etdi.

2022