Ýanwar-mart: “Balkandokma” kärhanasy 1030 tonna ýüplük öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: “Balkandokma” kärhanasy 1030 tonna ýüplük öndürdi
Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň diwarlygy

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 1030 tonna ýokary hilli ýüplükler öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýokary kuwwatlykly kärhanalarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän bu toplum döwrebap tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen üpjün edilendir.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli ýüplükler diňe bir Türkmenistanda däl, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanylýar.

“Balkandokma”-nyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenendir. 

Ýurduň dürli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan ýokary hilli ýüplük önümlerini öndürýän “Balkandokma” ÝGPJ 2004-nji ýylda gurulyp ulanylmaga berildi.

2022