Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 24,83 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 286,46 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 53 milliard 623 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 57 milliard 933 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 305 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 945 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 22 milliard 97 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 408 million manada deň boldy.
Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 3 milliard 576,86 million manatdan geçdi.