Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu desga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşip, onuň kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçilik berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümlerini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çemeleşmeleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar we iň täze enjamlar satyn alynýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol gün Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2022