Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş baýramy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 9-njy maýy, Moskwa, Russiýa

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlady. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Wladimir Putin Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Abhaziýanyň, Günorta Osetiýanyň döwlet Baştutanlaryny we Gruziýanyň hem-de Moldowa Respublikasynyň halkyny gutlady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtlaryň Liderlerine we raýatlaryna ýüzlenip, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar.

2022