“Türkmenawtoulaglary” “Kamaz 5490” we “Nefaz-93341” ulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenawtoulaglary” “Kamaz 5490” we “Nefaz-93341” ulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär
Aşgabat - Türkmenabat awtobany

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy “Kamaz 5490” we “Nefaz-93341” (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýük göterijiligi 30 tonna bolan bu ulaglar boýunça hyzmatyň bir sagadynyň bahasy 150 (bir ýüz elli) manada barabardyr.

“Kamaz 5490” kysymly awtoulagyň agramy 7900 kilogram bolup, ol dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir.

Ýarym tirkeg görnüşindäki “NEFAZ-93341” ýük ulagy umumy ýol ulgamy boýunça dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. 33500 kilogramlyk ýüki daşap bilýän ulag ykjam tehniki häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ol 1АА, 1А,1АХ, 1ВВ,1В, 1ВХ,1СС, 1С, 1СХ, 2Х1СС, 2Х1С görnüşlerdäki konteýnerleri daşamak mümkinçiligine eýedir.

 

2022