Türkmen kompaniýasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny hödürleýär
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergide “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň diwalygy, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslama hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşjek bu ýoluň uzynlygy takmynan 450 km bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ini 27,5 metr bolan 4 zolakly ýol bolup, onuň gatnaw bölekleri biri-birinden ýörite bölüji zolak bilen bölüner.

Häzirki wagtda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ýerleri öwrenilýär hem-de bu ýoluň we onuň desgalarynyň şekil taslamalary taýýarlanylýar.

2022