Türkmenistan we Gazagystan iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine garadylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji maýy, Astana, Gazagystan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ugurlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça işleriň alnyp barylyşyna garadylar.

Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini ýene bir gezek tassyklajak bu taslamalaryň gutarnykly netijä getirilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ýakynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň tertibine garadylar.

Şeýle-de taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew we Raşid Meredow hökümetara, parlamentara, pudagara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini hem bellediler.

Söhbetdeşligiň çäklerinde sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün Gazagystanyň Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

2022