Türkmenistanda Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar
Welaýatara ýolagçy awtobusynyň Türkmenabat şäheriniň awtomenzilinden ugrap barýan pursady

“Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň 1-nji iýundan başladylmagy meýilleşdirilýär.

Awtobus Aşgabatdan ir bilen sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar.

Awazadan Aşgabat şäherine gaýdýan awtobus bolsa 13:00-da Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly awtoulag duralgasyndan ugraýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bir taraplaýyn ýol nyrhy 75 manat möçberinde kesgitlenýär.

2022