Türkmen telekeçileri Astana we Almaty şäherlerine işewürlik saparyna çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Astana we Almaty şäherlerine işewürlik saparyna çagyrylýar
Astana, Gazagystan

Türkmenistanyň telekeçileri şu ýylyň 24-27-nji iýuny aralygynda işewürlik sapary bilen Gazagystanyň Astana we Almaty şäherlerine çagyrylýar. Bu barada “Astana” diplomatik kluby habar berýär.

Işewürlik saparynyň esasy wezipesi şäherleriň täjirçilik we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, hyzmatdaş gözlemekden we şertnamalara gol çekmekden ybaratdyr.

Saparyň çäklerinde döwlet edaralarynyň wekilleriniň we Gazagystanyň işewürleriniň arasynda duşuşyklary geçirmek, senagat kärhanalaryna baryp görmek, şeýle hem birnäçe işewürlik çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Türkmen işewürleriniň soňky gezek 2024-nji ýylyň 19-23-nji fewralynda Gazagystana işewürlik saparyny amala aşyrdylar.

2022