Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna (TDHÇMB) maglumat hyzmatlaryny bermek baradaky teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer TDHÇMB-nyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurtda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň ýerine ýetirilýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.