Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişe gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişe gatnaşdy
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş, 2024-nji ýylyň 3-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berdi.

Welosipedli ýörişe Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde badalga berildi.

Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen bu çärä, ýurduň dürli pudaklarynyň ýolbaşçy düzümleri, talyplar, Türkmenistanda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolynyň ugry boýunça dowam etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň paýtagtynda duşenbe güni Aşgabat ‒ Türkmenabat awtoulag ýolunyň bir bölegi bolan Mary ‒ Tejen ‒ Aşgabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly boýunça dört gün dowam eden welosiped marafony tamamlandy.

Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçihanalary hem bu şanly sene mynasybetli welosipedli ýöriş gurnadylar.

2022