Türkmenistan-Katar: Ýokary derejedäki duşuşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Katar: Ýokary derejedäki duşuşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi
Türkmenistanyň we Kataryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeler, 2024-nji ýylyň 3-nji iýuny, Doha, Katar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi duşenbe güni Doha şäherinde Türkmenistanyň we Kataryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ýokary derejedäki duşuşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary, maýa goýum, syýahatçylyk, energetika we nebit-gaz pudaklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek wezipeleriniň ähmiýeti hem bellenildi.

Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça hem pikir alşyldy.

Taraplar köptaraplaýyn diplomatiýanyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösüşiniň yzygiderli häsiýete eýedigine üns çekdiler. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri guramak, şeýle hem bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek Geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň we Kataryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäklerinde sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022