Türkmen haj zyýaratçylary üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň 10-sy gurnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen haj zyýaratçylary üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň 10-sy gurnaldy
Türkmen haj zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna barýarlar.

Şu ýylyň haj möwsüminde türkmen haj zyýaratçylaryny Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin 10 sany ýörite howa gatnawy ýola goýuldy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, ýola goýlan bu howa gatnawlarynda 2890 sany türkmen haj zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltiler we yzyna getiriler.

“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite howa gatnawlary 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 9-njy iýuly aralygynda ýerine ýetiriler.

Türkmen raýatlarynyň haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 289 sany türkmen haj zyýaratçylaryndan ybarat bolan döwlet toparyny Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

2022