“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşigine çarşenbe güni häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu barda Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Daşoguz welaýatynda geçirilen Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasynyň çäginde demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, halkyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Täze awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz şäheriniň döwrebap awtomenzilinde dabaraly çäre geçirildi.
Şeýle hem şol gün Daşoguz şäherinde täze 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açylyp ulanmaga berildi.