Türkmenistanyň harby, hukuk goraýjy edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna käýinç yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň harby, hukuk goraýjy edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç bermek, şeýle-de ýurduň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna berk käýinç bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Nuryýew Ýazgeldi Bäşimowiçe berk käýinç yglan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

2022