Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Kazylarynyň VI maslahaty, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy we 72-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine, Jumamyrat Çaryýewiç Açylow Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine, Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenow Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine, Sulgunjemal Saparbaýewna Tulekowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine, Mekan Ýazmyradowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildiler.

Şeýle hem Soltanmyrat Tuwakmyradowiç Tuwakmyradow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine, Mekan Aşyrgeldiýewiç Ilýasow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine, Mährijemal Rejepmuratowna Tokaýewa Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine, Aýna Jumageldiýewna Geldiýewa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we olara kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.

Kabul edilen resminama laýyklykda, Maksat Baýramowiç Ataýew ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden we Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýew ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç bermek, şeýle-de ýurduň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna berk käýinç bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

2022