Günorta Koreýanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana geler
Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol maşgalasy Kim Gon Hi bilen

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol indiki hepde sapar bilen Türkmenistana geler.

“Yonhap” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, Günorta Koreýanyň Lideri şu ýylyň 10-15-nji iýuny aralygynda döwlet sapary bilen Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana barar.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol duşenbe güni Aşgabat şäherine geler we şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirer.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar, soňra bolsa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasyna we bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşarlar.

Şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

2022