Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş edýär, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabry, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: BMG)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanmagynyň ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň geljekde-de BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, hemmeleri bu hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem daşary işler ministri Raşid Meredow Günorta Koreýanyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

2022