Türkiýäniň ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana ugradyldy
Türkiýäniň ynsanperwerlik kömeginiň TULM-yň ýükleme-düşürme hyzmatlary arkaly türkmen wagonlaryna geçirilýän pursady

Türkiýäniň ynsanperwerlik kömegi “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) hyzmatlary arkaly Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana ugradyldy.

TULM-yň anna güni habar bermegine görä, ynsanperwer ýükleri Türkmenistanyň Etrek stansiýasynda TULM-yň ýükleme-düşürme hyzmatlary arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Döwlet demirýollary “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ bilen bilelikde Owganystana ynsanperwer ýükleriniň baryp gowuşmagyna yzygiderli ýardam berýärler.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken Karary esasynda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022