Türkmenistanda jerimeleri tölemek üçin “Galkan” mobil goşundysy işläp başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda jerimeleri tölemek üçin “Galkan” mobil goşundysy işläp başlady
“Galkan” mobil goşundysynyň ulanylýan pursady

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy boýunça jerimeleri tölemek hem-de beýleki maksatlar üçin niýetlenen “Galkan” mobil goşundysyny hödürledi. Bu barada “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Goşundy “Google Play” salgysy boýunça elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu goşundy “App Store” internet salgysynda hem ýerleşdiriler.

Polisiýanyň jerimelerini tölemek, polisiýanyň işgärleri tarapyndan bellenen jerimeleriň tölegini onlaýn tertibinde tölemek mümkinçiligi, pasport bölüminde onlaýn görnüşinde nobata durmak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň maglumatlary we hyzmatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi “Galkan” mobil goşundysynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, “Galkan” mobil goşundysynda sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak, bellige alnandygy baradaky güwänamany çalyşmak, döwlet belgisini çalyşmak, döwlet belgisini gaýtadan dikeltmek (zaýalanan bolsa) ýaly goşmaça mümkinçilikler hem elýeterlidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022