Türkmenistanyň “Nedir Gala” kärhanasy we Awstriýanyň “Spak GmbH” kompaniýasy Türkmenistanda üwmeç we maýonez önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyga başlamak hem-de bu önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna eksportyny giňeltmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň geçen hepdäniň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu resminama Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen telekçileri üçin önümçilik meýdançalaryna birnäçe gezelençler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we innowasion telekeçiligi, senagat tejribesini öwrenmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.
Şeýle hem “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistik amallaryny sazlaşdyrmaga we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Ýewropa bilen Türkmenistanyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin “Zoloto GmbH” kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdi.
Gazanylan ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň tehnologiýa alyş-çalşyny giňeltmäge, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmegine garaşylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant bolar diýlip, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habarynda bellenildi.