Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony 60 ýaş doglan güni mynasybetli gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony 60 ýaş doglan güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, kosmonawtikada uly öňegidişlikleri gazanmak üçin täze sepgitleriň we mümkinçilikleriň açylmagyny arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

2022