Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň senagat, önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň senagat, önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussainiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şeýle hem bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022