Ýanwar-aprel: Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,3% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-aprel: Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,3% ýokarlandy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim artdy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Mergen Gurdowyň aýtmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşligine girýär.

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow forumyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2023-nji ýylda 1 milliard 290 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny we 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8 göterim ýokarlanandygyny mälim etdi. Bu döwürde Türkmenistanyň BAE-ne eksporty 13,3 göterim, Türkmenistanyň BAE-den importy bolsa 16,2 göterim artdy.

Türkmenistan BAE-ne esasan hem himiýa senagatynyň, ýangyç we energiýa toplumynyň, oba hojalygy pudagynyň önümleri eksport etdi. Şeýle-de Türkmenistan BAE-den metallurgiýa senagatynyň önümlerini, ulaglary, enjamlary we mehanizmleri import etdi.

Şeýle hem Kerimberdi Gurbanow häzirki wagtda BAE-de geçiriljek esasy sergilere gatnaşmak üçin işleriň dowam etdirilýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda halkara maýa goýumlaryny we milli taslamalary durmuşa geçirmegiň ösüş depginini we netijeliligini aýdyň görkezýän sergi guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022