Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar

TMKÝUKA
Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar
Moskwa demir ýol menzili

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Bu barada Ulýanowks sebitiniň gubernatory Alekseý Russkihiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

«Türkmenistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Ulýanowsk — Aşgabat — Inçe-Burun/Sarahs ugry boýunça täze konteýner otlusynyň gatnawyny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdyk. Täze gatnaw arkaly rus harytlary «Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy» ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelgesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana çalt eltiler» diýip, Alekseý Russkih belleýär.

A.Russkih Ulýanowsk sebitiniň wekilleriniň täze konteýner otlusynyň gatnawy boýunça esasy logistika operatorlary we ekspeditorlary bilen duşuşandygyny belledi.

«Biz täze gatnawyň şertlerini, ýol kartasynyň işlenip düzülmegini we işleriň utgaşdyrylmagynyň möhletlerini tassyklamak, şeýle hem Türkmenbaşy portunyň demirýol we deňiz terminallaryny ulanmak bilen ugry birleşdirmek barada ylalaşdyk» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gubernatoryň aýtmagyna görä, täze konteýner otlusynyň göni gatnawyny ýola goýmak başlangyjyny durmuşa geçirmek barada eýýäm ylalaşyk gazanyldy. Munuň özi bu ugurda harytlaryň daşalmagy üçin sarp edilýän wagty we çykdajylary ep-esli azaltmaga şert döreder.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022