Türkmenistanda ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi tassyklanyldy

TDH
Türkmenistanda ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi tassyklanyldy
“Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Çeşme: TDH

2022