Türkmenistanyň Prezidenti ÝK-nyň Başlygyny gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti ÝK-nyň Başlygyny gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan edip, ýurdumyzyň onuň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem ösdürilmegini goldaýandygyny belledi. Şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar boýunça ilerletmekde tagalla etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli wezipesinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: TDH

2022