Täjigistanyň ulag ministri Azim Inrohim degişli bölümlere «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa» multimodal geçelgesinde synag demirýol otlusyny guramak hakynda görkezme berdi.
Şeýle hem ministr demir ýol wagonlaryny we lokomotiwleri täzelemegiň, pudagy sanlaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň, Eýranyň Çabahar portuny goşmak bilen logistika merkezlerini gurluşygynyň, ýük we ýolagçy gatnawynyň göwrümini giňeltmegiň, onuň hilini kämilleşdirmegiň, şeýle-de täze üstaşyr demirýol ugurlarynyň gurluşygynyň zerurdygyny aýtdy.
2023-nji ýylyň maýynda Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky duşuşykda ulag pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe» multimodal geçelgelerini özünde jemleýän täze halkara ulag geçelgelerini döretmäge hem-de olaryň netijeliligi ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.
Ulag mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen birinji «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» sammitiniň esasy temasy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi