Düýn — 1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.
Çeşme: TDH