Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana iberildi

TULM
Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana iberildi
Konteýnerler otla ýüklenýär

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.

Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “O'zbekiston Temir Yo'llaria” (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar “Özbegistan-Türkmenistan ondan aňryk üçünji ýurda” geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny guramak üçin her ýurtda jogapkär logistika kompaniýalaryny bellemek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, 20 (ýigrimi) TEU konteýnerinden (ýük - keramiki plitalardan) ybarat otlusynyň birinji topary, Bender-Abbas portundan Sarahs ugry boýunça aňyrky nokady bolan Çukursaý (Özbegistan) demir ýol menziline üstünlikli iberildi.

Şeýle hem, “üçünji” ýurtlara degişli bolan wagonlarynyň, GDA ýurtlarynyň wagonlaryna Sarahs demir ýol menzilinde ýüklemegiň ýokary derejesini görkezendikleri bellenmäge mynasypdyr.

 

Çeşme: “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ

2022