Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady

TDH
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 3-nji awgusty

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyza Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişlerini girizdi. Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, onuň ekologik derejesine we binanyň ýerleşiş aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulýandygy üçin şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol taryhyň dowamynda bu künjekde reňkleriniň sazlaşygy, nepisligi babatda dünýä nusgalyk halylaryň dokalandygyny, täze önümçilik toplumynda çeper elli gelin-gyzlaryň döreden milli gymmatlygynyň döwrebap derejede ösdüriljekdigini aýratyn nygtady.

Täzeçil häsiýete eýe bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn, oýlanyşykly esasda çemeleşilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik toplumynyň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna we ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, kärhanada dokalýan halylar ekologik talaplara doly laýyk gelmelidir hem-de ýakymlylygy babatda ýokary hil derejesine eýe bolmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, enjamlaşdyrylyşyna, Çeper halyçylyk kärhanasynyň hojalyk düzümleriniň dolandyrylyşyna utgaşykly esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary paýtagtymyzdan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleri, binalarynyň ýerleşiş aýratynlyklaryny, ýollaryň hereketini synlady.

Ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Bu bolsa Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklarynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etdi. Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ähmiýetli bolup durýar.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýuldy. Şäher ilaty ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Bu ýerde adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz guşuçar belentlikden täze şäheriň binagärlik keşbini synlap barşyna bu ýerde özboluşly şäher gurşawynyň döredilmeginiň, şunda taslamalaryň talabalaýyk derejede taýýarlanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu işler bilen bir hatarda, şäheriň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem wajypdyr.

Uçuşyň dowamynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşjek ýerini synlap, türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, kärhananyň işiniň ekologik talaplara laýyk derejede ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hususan-da, önümçilik toplumlarynyň golaýynda ugurdaş desgalaryň ýerleşdirilmegi talabalaýyk bolar. Täze şäheriň çäklerinde bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň şäher gurşawy bilen sazlaşykly utgaşmagyna, ýaşyl zolaklaryň döredilmegine zerur üns berilmelidir.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, ylmy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil garaýyşlaryň bu ugra gönükdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde täze ylmy açyşlaryň, ýaşlaryň öňe sürýän teklipleriniň içgin öwrenilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik toplumlarynyň işine dünýäniň ösen tejribesiniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Täze toplumyň gurulmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. Bu bolsa “akylly” şäheriň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda bolşy ýaly, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagynda hem ähmiýetlidir.

Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäheriň çäklerinde bina edilýän her bir toplumyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň yşyklandyryş ulgamyna döwrebap derejede üns berilmelidigini belledi. Älemgoşar öwüşginli yşyklaryň sazlaşygy täze şäheriň gijeki görnüşlerine özboluşly öwüşgin çaýmalydyr. Owadan şekillerde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň özgerişleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Bellenilişi ýaly, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegini, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün eder.

Milli Liderimiz dikuçarda Arkadag şäherine guran nobatdaky iş saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berendigi, hemişe bolşy ýaly, olaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç almaklaryna zerur şertleriň döredilendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirip, özüniň hem zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa dynç alyş günlerinde rowaçlyklary, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

 

Çeşme: TDH

2022
ENG TM РУС