Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,3 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,3 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Merkezi Banky we Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik banky, Bitarap Türkmenistan (2002) şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji  iýun ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 328,53 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 138,80 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 53 milliard 705 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 58 milliard 147 million manada deň boldy.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 921 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 101 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 22 milliard 703 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 890 million manada deň boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnaly

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022