Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýadaky ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýadaky ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Braziliýada ýolagçy uçarynyň heläkçiliginiň bolup geçen ýeri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

 

Çeşme: TDH

2022