Türkmenistanyň Baş diplomaty Ankarada Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistanyň Baş diplomaty Ankarada Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 13-nji awgusty, Ankara, Türkiýe

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge özara ygrarlylygy bellemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginine çuňňur kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022